Ömer Çelik Prezident Erdoganyň deputatlar bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň käbir deputatlary bilen duşuşyk geçirdi

1664203
Ömer Çelik Prezident Erdoganyň deputatlar bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň merkezinde metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk, takmynan 3 sagat dowam etdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, maslahatdan soň beren beýanatynda, käbir ministrler bilen deputatlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň ilkinjisiniň düýn Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň gatnaşmagynda geçirilendigine ünsleri çekip: "Koronawirus epidemiýasy başda bolmak bilen görülen öňüni alyş çäreler, durmuşa geçirilen syýasatlar we nähili perspektiwa eýe bolunandygy bilen bagly giňişleýin maslahat geçirildi" diýip habar berdi. 

Ömer Çelik, Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde şu gün geçirilen we 55 deputatyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda, deputatlaryň özleriniň degişli welaýatlarynyň we sebitleriniň zerurlyklary, edilen işler, dowam edýän taslamalar we meýdandaky pikirleri bilen paýlaşandyklaryny mälim etdi. 

Erdoganyň maslahatdaky çykyşynda hem guramalara hem-de deputatlara beren maslahatlary bilen birlikde epidemiýa garşy göreşinde Türkiýäniň položitel ugurlary bilen baglanşykly beýanat berendigini aýdan Ömer Çelik, Prezidentiň mundan başgada deputatlara, täze konstitutsiýa tapgyryna güýçli ýagdaýda eýe çykylmagynyň üstünde durup geçendigini aýan etdi. 

Ömer Çelik şular ýaly görnüşli maslahatlar tapgyrynyň dowam etjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar