Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi

Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda Antalýada albaniýaly we çernogoriýaly kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynda düşülen suraty paýlaşdy

1659585
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Albaniýanyň Ýewropa we Daşary işler ministri Olta Haçka, Çernogoriýanyň Daşary işler ministri Džordže Radulowiç we Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisera Turkowiç bilen duşuşyklar geçirdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda Antalýada albaniýaly we çernogoriýaly kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynda düşülen suraty paýlaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly şu gün geçiriljek Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň Daşary işler ministrlereriniň maslahatynyň çäginde Antalýada albaniýaly we çernogoriýaly kärdeşleri bilen bilelikde we aýry-aýry duşuşyklar geçirendigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşoglynyň Çernogiriýanyň Daşary işler ministri Džordže Radulowiç bilen geçiren duşuşygyndan soň protokol meseleleri bilen bagly ylalaşyklara hem gol çekişdi. 

Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda,  Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisera Turkowiç bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlyk ugurlaryny we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar