Prezident Erdogan Nejmettin mugallymy hatyralap geçdi

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beýanat berdi

1659427
Prezident Erdogan Nejmettin mugallymy hatyralap geçdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 4 ýyl ozal şehit edilen mugallym Nejmettin Ýylmaz bilen bagly: "Seni namartlyk bilen öldüren ekstremist terror guramasynyň gorkak agzalaryny bu topraklarda dolulygyna ýok edýänçäk çenli göreşimiz dowam eder Nejmettin" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Nejmettin ýüreginde Türkiýe söýgüsi bolan watanperwer, arassa bir mugallymymyzdy. 4 ýyl ozal haýyn terror guramasy PKK tarapyndan şehit edildi. Seni namartlyk bilen öldüren ekstremist terror guramasynyň gorkak agzalaryny bu topraklarda dolulygyna ýok edýýänçäk çenli göreşimiz dowam eder Nejmettin. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, mekanyň jennet bolsun oglum" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar