Türkiýe Afiny jarnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç: "Biz tarapdan hiç hili manysy we ähmiýedi ýokdyr" diýip belledi

1658582
Türkiýe Afiny jarnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ortaýer deňizine kenardaş bolan Ýewropa Bileleşigine agza bolan 7 ýurdyň Daşary işler ministrleriniň Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde geçirilen maslahatyň ahyrynda kabul eden umumy jarnamasynyň hiç hili manysynyň we ähmiýediniň ýokdugyny beýan etdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç beren beýanatynda, Afiny şäherinde 11-nji iýunda geçirilen maslahatyň ahyrynda umumy jarnamanyň çap edilendigine ünsleri çekdi we Türkiýäniň oňa bolan reaksiýasyny belläp geçdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç: "Biz tarapdan hiç hili manysy we ähmiýedi ýokdyr" diýip belledi. 

Türkiýe we DKTR bolmadan Gündogar Ortaýer deňizinde hakyky bir hyzmatdaşlygyň ýola goýulyp bilnmejekdigini aýdan Bilgiç: "Kipr meselesi we Gündogar Ortaýer deňizi babatynda Grek tarapynyň maksimalist talaplaryny we syýasatyny goraýan bu düzümiň her ýyl gaýtalananýan bu birtaraplaýyn we tarapgöý pozisiýanyň sebitde parahatçylyga, durnuklylyga we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşmagy mümkin däldir" diýip nygtady. 

Bilgiç Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly sebitleýin maslahatyň geçirilmegi baradaky teklibini ýaňadandan belläp geçdi. 



Degişli Habarlar