Yragyň Demirgazygynda Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär. Gahryman esgerlerimiz terrorçylaryň hinlerine çenli ýok edýär”
Yragyň demirgazygynda “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň çäginde ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrligi, terrora garşy göreşiň çäginde, Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Pence-Ýyldyrym” operasiýalarynda ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Beýannamada “Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär. Gahryman esgerlerimiz terrorçylaryň hinlerine çenli ýok edýär” diýildi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.