Çawuşogly Kanadada musulmanlary nyşana alan hüjüme gynanç bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kanadada rasist bir hüjümiň netijesinde şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalmagy bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1654105
Çawuşogly Kanadada musulmanlary nyşana alan hüjüme gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Kanadada şol bir maşgaladan öldürilen 4 musulman doganymyza Alladan rehnet dileýärin. Yslam duşmançylygyna, rasizme we diskriminasiýa garşy ählimiz bilelikde göreşmegimiz gerek bır terrordyr. Halkara jemgyýet hem wagt ýitirmän bu terrora garşy bilelikde herekete geçmelidir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar