Terror guramalaryna garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Siriýada Ýewfrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmşesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1653076
Terror guramalaryna garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrora we terrorça geçiş ýok. Asudalygyň we durnuklylygyň kepillendirijisi bolan desant güýçlerimiz 2-si Ýewfrat Galkany sebitinde, 4-si Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolmak bilen PKK/ÝPG-e agza jemi 6 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdiler" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Eren-13 operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Merkezi etraby Judi Dagy Tuşimiýa jülgesi sebitinde, desant güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada bolan çaknyşykda 1 terrorçynyň elindäki ýaragy bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda sebitdäki operasiýanyň dowam edýändigi habar berildi. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa, Eren-1 operasiýasynyň çäginde Wan welaýatynyň Başkale etrabynyň obalyk ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň biriniň, terrordan gözlenýänleriň sanawynda bolan, PKK-nyň Başkale sebitinden jogapkär ýolbaşçysy, "Agit" adyny ulanýan Gökhan Demirdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar