Türkiýe Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Burkina-Faso döwletinde 100-den gowrak adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1652497
Türkiýe Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Burkina-Fasonyň Ýagha welaýatyndaky Solhan obasynda, şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan düýn guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde 100-den gowrak adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Terrorçylykly hüjümiň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we doganlyk Burkina-Fasonyň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar