Yragyň demirgazygynda esgerlere od açan PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitinde esgerlere od açan PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1651823
Yragyň demirgazygynda esgerlere od açan PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda gahrymançylyk we wepalylyk bilen  göreşini dowam etdirýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Penje operasiýasy sebitinde gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän esgerlere od açan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy gahryman komandos güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi bolsa Bitlis welaýatynda düýn täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň biriniň Terror sanawynyň çal kategoriýasy boýunça gözlenýän, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Garzan welaýatynyň Tatwan-Hizan sebitinden jogapkär ýolbaşçy bolan, "Eriş Garzan" adyny ulanýan Hikmet Geziji bolandygynyň anyklanandygyny habar berdi. 

 



Degişli Habarlar