Türkiýe Ysraýylyň Bikanun Ilat Ýerleşdirmegine Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Ysraýylyň halkara hukugyň kadalaryny bozýandygyna üns çekilýär

1650078
Türkiýe Ysraýylyň Bikanun Ilat Ýerleşdirmegine Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Günbatar Şeriada ýerleşýän Ramallah şäherinin golaýyndaky bikanun Beýt Al ýaşaýyş zolagynda 350 binadan ybarat taslamanyň gurluşygyna badalga berilendigini beýan etdi.

Gazada başdan geçirilen gam-gussanyň dowam edýän günlerinde şeýle meçew bermeleri dowam etdirmegiň Ysraýylyň degişli edaralarynyň şeýle wakalardan netiji çykarmaýandygyny görkezýändigine üns çekilen beýannamada; “Ysraýylyň şeýle bikanun başlangyçlaryny kabul etmeýäris. Ysraýylyň halkara hukuk kadalarynyň basgylanmagyny emele getirýän syýasatlary we başlangyçlary sebäpli jogapkärçiliginiň bardygyny ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.

Ysraýyl basylyp alynan Günbatar Şeriada ýerleşýän Ramallah şäheriniň golaýyndaky bikanun Beýt Al ýehudi ýaşaýyş zolagynda 350 ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan taslamanyň gurluşygyna badalga beripdi.



Degişli Habarlar