Türkiyäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 112 boldy.

1650580
Türkiyäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 47 müň 768 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 224 müň 150 adam testden geçirilip, ýene-de 586 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 181 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 37 adam bilen birlikde saglyk ýagdaýy gowulananlaryň sany 5 million 131 müň 453 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Koronawirys Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beren beyňnamasynda: “Maskalarymyzyň ýüzümizi derleden tomusy, şu tomus bolar” diýdi.

Wirusyň henizem aramyzda gezýändigini ýatdan çykarmaly däldigini beýan eden Koja, mundan beýläk şahsy çärelerin has möhüm boljakdygyny, öz çärelerimizi görüp, kadalaşmaga başlajakdygymyzy aýtdy.

Ministr Koja, ýerli sanjym taýarlyklarynyň hem ýokary depginde dowam edýändigini nygtap, 3-nji tapgyr synaglary başlajak sanjymlaryň, synagdan ybaratdygyny we soňky testleriň geçirilendigini, testlerden üstünlikli geçilen badyna kliniki ulanyşyň gysga möhletde başlajakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar