Mewlüt Çawuşogly NATO maslahatyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler maslahatyna gatnaşdy

1649765
Mewlüt Çawuşogly NATO maslahatyna gatnaşdy

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatda, 14-nji iýunynda geçiriljek 2021 NATO Liderler maslahatynyň taýarlyklary we maslahatda kabul edilmegi meýilleşdirilýän NATO 2030 kararlar başda bolmak bilen, Ýewropa-Atlantik sebitiniň howpsuzlygy bilen baglanşykly wakalar we NATO-nyň güntertibinde bolan beýleki meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly maslahatda, NATO 2030 kararlarynyň çäginde, Baş sekretar Ýens Stoltenbergiň tagallalaryny goldaýandyklaryny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly şol kararlaryň alýansyň we transatlantik gatnaşyklaryň häzirki strategik ýagdaýynda güýjüni gorap saklajakdygyna we has hem güýçlendirjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Ýens Stoltenbergiň NATO-nyň Owganystanyň gelejegi bilen bagly garaýyşlaryny goldaýandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar