Taksim metjidi açyldy

Düýbi 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda tutulan metjit, Taksim meýdançasynyň nyşanalarynyň biri boldy

1647595
Taksim metjidi açyldy

Stambul şäherinde 4 ýyl ozal düýbi tutulan Taksim metjidi Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşmagynda okalan juma namazy bilen ybadata açyldy. 

Düýbi 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda tutulan metjit, Taksim meýdançasynyň nyşanalarynyň birine öwrüldi. 

Metjit, edil ýanynda ýerleşýän Aýa Triada grek ortodoksal buthanasy we Taksim Maksemi bilen hem Taksim meýdançasynda bütewilik emele getirdi. 

Metjidiň girelgesi, zemini we üçegi 8 burçly Seljukly motiwleri bilen bezeldi. 

19-njy asyrda Beýogly binagärçiliginden ylham alynyp ýörite dizaýn bilen gurulan we her bir bölümi aýratyn bir owadanlyga eýe bolan metjitde awtopark, sergi zaly, maslahatlar zaly, naharhana we Sanly Yslam kitaphanasy bar. 

Prezident Rejep taýýip Erdogan Stambul şäherindäki Taksim metjidiniň suratyny sosial media hasabyndan paýlaşdy.

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan paýlaşan suraty bilen birlikde "Juma namazyňyz kabul bolsun" diýip ýazdy. 

Erdogan beren beýanatynda şeýle hem şu gün ybadata açyljak Taksim metjidiniň suratyny paýlaşdy. 



Degişli Habarlar