Solingen Gyrgynçylygy Ýatdan Çykarylmady

28 ýyl ozal Solingen şäherinde aşa sagçy rassist topar tarapyndan öldürlen Genç maşgalasyndan 4-i çaga 5 türk hatyralandy

1647164
Solingen Gyrgynçylygy Ýatdan Çykarylmady

1993-nji ýylda Germaniýanyň Solingen şäherinde guralan rassist hüjümde öldürlen türkler ýatdan çykarylmady.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy 28 ýyl ozal Solingen şäherinde aşa sagçy rassist topar tarapyndan öldürlen Genç maşgalasyndan 4-i çaga 5 türk hatyralandy.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy ýogalanlary hatyralamak we Ýewropada adam hukuklarynyň basgylanýandygyna ünsi çekmek üçin Ankara şäheriniň Ulus meýdanynda Genç maşgalasynyň oda berlen öýleri ýaly öý gurdy.

Ankaralylar, Solingen gurbanlarynyň hormatyna gurlan öýi maý aýynyň 26-29-y aralygynda görüp bilerler.



Degişli Habarlar