Siriýadan Türkiýä girmäge synanyşan 4 adam saklandy
Saklanan adamlaryň 2-siniň ekstremist terror guramasy PKK agzasydygy anyklandy
Şanlyurfa we Mardin welaýatlarynda bikanun ýollar bilen Siriýadan Türkiýä girmäge synanyşan 4 adam saklandy. Saklanan adamlaryň 2-siniň ekstremist terror guramasy PKK agzasydygy anyklandy.
Türk esgerler Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabynda we Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynda Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen girmäge synanyşan adamlaryň bardygyny anykladylar.
Bikanun ýollar bilen serhedi geçmäge synanyşan 4 adam türk esgerleriň ünsli çemeleşmesi saýasynda saklandy.
Milli Goranmak ministrligi saklananlaryň 2-siniň terror guramasy PKK-nyň agzasydygyny beýan etdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.