Türkiýe Goranyş Senagaty Pudagynda Soňky 19 Ýylda Uly Öňe Gidişlik Etdi

Erdogan bilen Duda özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi

1645018
Türkiýe Goranyş Senagaty Pudagynda Soňky 19 Ýylda Uly Öňe Gidişlik Etdi

 

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Polşanyň Prezidenti Adžeý Duda bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda Polşa eksport ediljek Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy hakynda durup geçdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň goranyş senagaty pudagynda soňky 19 ýylda uly öňe gidişlik edendigini belledi.

Erdogan “Türkiýe, taryhynda ilkinji gezek NATO we ÝB-ne agza ýurda ýaragly uçarmansyz howa ulagyny eksport eder. Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary taýdan hem dünýäniň iň gowy 3-4 ýurdundan birine öwrüldi” diýdi.

Prezident Erdogan, NATO-nyň çäginde F-16 uçarlarynyň hem ýakynda Polşa gitjekdigini belledi.

Prezident Erdogan “Polşanyň NATO-nyň çäginde İnjirlik howa merkezimize harby gözegçilik uçarlaryny ugratmagyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Polşanyň Prezidenti Duda hem “Söwda hyzmatdaşlygymyz netijesinde 10 milliard dollarlyk söwda maksadymyza ýetjekdigimize ynanýaryn. Türk uçarmanlarynyň al asmanymyzy goraýandygy üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdym. NATO-nyň çäginde iki ýurda garşy ýurduň içinden we daşardan gelip biljek howplaryň öňüni ajakdygymyza ynanýaryn. Türkiýe ýerleşýän sebitinde biziň iň ýakyn hyzmatdaşymyz” diýdi.



Degişli Habarlar