"Ysraýylyň Palestinada Edýän Zulumyna Garşy Durmaga Dowam Ederis"

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý iki günlük iş sapary bilen DKTR-na bardy

1643578
"Ysraýylyň Palestinada Edýän Zulumyna Garşy Durmaga Dowam Ederis"

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý iki günlük iş sapary bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna bardy.

Fuat Oktaý Erjan howa menzilinde ellerinde Türkiýäniň, DKTR-nyň we Palestinanyň baýdaklaryny göterýän we DKTR-da ýokary bilim alýan palestinaly talyplar tarapyndan garşylandy.

Fuat Oktaý, Ysraýylyň Palestinada edýän zulumyny bütindünýäniň dykgatyna ýetirmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Oktaý, “Palestinada, Gazada, Iýerusalimde, Aksa metjidinde we Şyh Jarrahda başdan geçirlen wakalara gynansakda bütindünýä dymmak bilen syn edýär. Türkiýe hökmünde biz size goldaw bermäge dowam ederis. Prezidentimiz we biz size doly goldaw berýäris. Hiç kim görmese hem biz bu zulumy bütindünýäniň dykgatyna ýetirmäge dowam ederis. Çagalary we zenanlary öldüren, halky öýlerinden kowup çykaran zalymlara garşy durmaga dowam ederis” diýip belledi.


Etiketkalar: #iş sapary , #DKTR , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar