Erdogan: "Zulumy gören mahalymyz iň gaty sesimiz bilen ony aýdarys" diýdi

Prezident Erdogan ABŞ-na: "Zulumy gören mahalymyz iň gaty sesimiz bilen ony aýdarys" diýip belledi

1642065
Erdogan: "Zulumy gören mahalymyz iň gaty sesimiz bilen ony aýdarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň beren beýanatyna reaksiýa bildirip: "Bize Erdogan bular ýaly beýanat bermeli däl diýýärler. Näme edeli alkyşlalyňmy? Biz zulumy gören mahalymyz iň gaty sesimiz bilen ony aýdarys" diýip habar berdi.

Erdogan paýtagt Ankara şäherinde Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli, Wekil ýaşlaryň duşuşygy we TRT Sport Ýyldyzlarynyň tanyşdyrylyş programmasynda eden çykyşynda: "Ençeme asyrlap ata-babalarymyzyň adalat we howpsuzlyk saýawanynyň aşagynda asudalyk bilen ýaşalan ýerleriň aglabasynda şu günki gün zulum, çaknyşyk, kin, ýigrenç höküm sürýär" diýdi. 

Rejep Taýýip Erdogan: "Palestinada her kimiň gözüniň öňünde aglabasy çaga we zenan bolan ýüzlerçe bigünä adamlar döwrebap tehnologiýanyň soňky önümleri bolan agyr ýaraglar bilen öldürilýärler" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Güýçliniň hemişe dogry diýilýän zat ýok. Dogryňky güýçli bolandygyna ynanýan bir dünýä gurmak üçin Türkiýe bar" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan Iýerusalimde, Gazada ölenleriň çagalar däl, eýsem adamkärçiligiň tüýs özüdigini mälim etdi. 

Ysraýlyň Gaza garşy guraýan hüjümleri bilen bagly Erdogan: "Demokratiýa, adam hukuklary, hukuk, adalat, azatlyk, howpsuzlyk bilen bagly wagyzlar berýän halkara gurdamadyr-edaralar bilen döwletler bu zuluma sesini çykarman tomaşa edýär" diýip nygtady. 

Erdogan Ysraýylyň zulumynyň aşagynda nalaýan bigüna adamlaryň perýatlaryna gulaklaryny ýapanlaryň aslynda öz apatlarynyň düýbüni tutýandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Eger şu günki gün Iýerusalimde başdan geçirilýänlere sesimizi çykarmasak ertirki gün nobatyň beýleki mukaddes şäherlerimize geljekdigini bilýäris" diýdi. 

Erdogan: "Şu günki gün ýurdumyzy nyşana alýan terror guramalarynyň ählisini nähili ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirýän bolsak, sebitimizi gana we oda bulaýanlara garşy hem göreşimizi şeýle dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar