2030-njy Ýyla Çenli 2 Milliondan Gowrak Elektromobil Ýol Gatnawynda Bolar

Olar üçin hem batareýa dolduryş beketleri gurlar

1641584
2030-njy Ýyla Çenli 2 Milliondan Gowrak Elektromobil Ýol Gatnawynda Bolar

Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank Türkiýede 2030-njy ýyla çenli 2 milliondan gowrak elektromobiliň ýol gatnawynda boljakdygyny beýan etdi.

Türk Standartlary İnstitutynyň elektromobilleriň we olaryň doldurlyş ulgamlarynyň standartlarynyň maksatnamasyny beýan etdi.

Ministr Warank beren ýazmaça beýannamasynda şol standardyň pudakdaky taraplaryň gatnaşmagynda taýarlanandygyny nygtap: “Çaklamalarymyza görä 2030-njy ýyla çenli 2 milliondan gowrak elektromobil ýol gatnawyna goşular. Olara hyzmat berjek 200 müňden gowrak halka açyk batareýa dolduryş beketleri gerek bolar. Şol jähtden geljekki ýyllarda elektromobiller bilen bilelikde batareýa dolduryş infrastrukturasy hem gysga möhletde ýaýbaňlanar” diýdi.

Türkiýniň awtoulagynyň bellenen tertipde taýarlyklaryny dowam etdirýändigine ünsi çeken Waran, TOGG-yň başda durmagynda elektromobilleriň ýaýbaňlanmagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan batareýa dolduryş ulgamyny gurmak üçin maksatnamanyň düzülýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar