Mewlüt Çawuşogly Indoneziýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Retno Marsudi Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1639586
Mewlüt Çawuşogly Indoneziýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly bilen Retno Marsudi telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar we bu meselede halkara derejesnde ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň 10-njy maýda Aksa metjidine guran hüjüminden we Şyh Jerrah etrapçasynda başdan geçirlen wakalardan soň Palestinaly topar Ysraýyla roketa atypdy.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli Ysraýylyň goşuny Gaza sektoryna garşy harby operasiýa başladypdy.

10-njy maýdan bäri Ysraýylyň Gaza sektoryna we Günbatar Şeriýa garşy guran hüjümlerinde 31-i çaga, 20-sy zenan palestinaly 127 adam şehit boldy, 900 adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar