Terror guramasy PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Goranmak ministrligi sosial media hasaby Twitterden beýanat berdi

1638116
Terror guramasy PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Goranmak ministrligi sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda: "Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynyň çäginde Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy Harby-howa güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen başga bir beýanatda bolsa: "Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Ýyldyrym operasiýalary bilen gözleg we saplaýyş işleri arakesmesiz dowam edýär. Ele salynan gowaklarda we gaçybatalgalarda terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlar ele salyndy" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar