"Ýurdumyzyň goldawy bolmadan ÝB-niň güýçli ýagdaýda barlygyny dowam etdirip bilmejekdigi aýdyňdyr"

Prezident Erdogan: "Ýudrumyzyň goşandy we goldawy bolmadan ÝB-niň güýçli ýagdaýda barlygyny dowam etdirip bilmejekdigi aýdyňdyr" diýip belledi

1636843
"Ýurdumyzyň goldawy bolmadan ÝB-niň güýçli ýagdaýda barlygyny dowam etdirip bilmejekdigi aýdyňdyr"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 9-njy maý Ýewropa Güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi. 

Ýüzlenmesinde ÝB-niň parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly goşantlarynyň bardygyny aýdan Prezident Erdogan, soňky döwürde bolsa bosgun krizisi, Yslam duşmançylygy we daşary ýurt duşmançylygy, finans we maliýe tolgunmalar, Beýik Britaniýanyň agzalykdan çykmagy we koronawirus epidemiýasy ýaly ençeme meselä sezewar galandygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan ÝB-niň täze bir şygara mätäçliginiň bardygyny belläp: "Bileleşigiň güýçli bir global aktýor bolmagynyň öňündäki iň uly päsgelçilik strategik sabyr we maksatnama ýetmezçiligidir. Karar kabul etmek mehanizminiň gözden geçirilmegi başda bolmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň täze bir guramaçylykly gurluşa, täze bir maksatnama, giňişleýin bir şygara mätäçligi bardyr. Şol maksat bilen şu gün başlan Ýewropanyň Geljegi konferensiýasy, dogry bir maksatnama bilen ýola çykdy, emma dalaşgär ýurtlaryň çagyrylmazlygy sebäpli eýýäm şu wagtdan özüni dar ýüreklere sezewar etdi" diýip mälim etdi. 

Taryhy, geografiýa we ynsany taýdan Ýewropanyň bir bölegi bolan Türkiýäniň, Bileleşigiň sezewar bolan meseleleriň çözgüdi we täsirliliginiň artdyrylmagy taýdan öz üstüne düşýäni etmäge taýardygyny aýdan Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň goşandy we goldawy bolmadan ÝB-niň güýçli ýagdaýda barlygyny dowam etdirip bilmejekdigi aýdyňdyr" diýip belledi. 

Erdogan: "Ýagdaý şular ýalyka ÝB doly agzalyk ugrunda ýurdumuza beren sözleri ýerine ýetirmedi we agzalyk etabymyz hemişe yza süýşürildi. Käbir agza ýurtlaryň Türkiýe bilen arasyndaky ikitaraplaýyn meselelerini Bileleşigiň güntertibine ýetirmegi ÝB-Türkiýe gatnaşyklaryny zamun aldy, Bileleşigiň global howplara garşy göreşini gowşatdy" diýip nygtady. 

Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň sezewar galan goşa çarçuwa we päsgelçiliklere garamazdan strategik maksady bolan ÝB-ne agzalyk ýolunda tutanýerli pozisiýasyny we işlerini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan, Türkiýäniň ÝB-ne agzalygynyň sebitleýin we global derejede täsirli, öz raýatlary bilen birlikde sebite we bütin dünýä umyt boljak bir Ýewropanyň beýgelişiniň öňüni açjakdygyny belläp: "Şol pikirler bilen Ýewropa gününiň Bileleşigiň içine gaçan strategik körlükden azat bolmagyny dileýärin, raýatlarymyz başda bolmak bilen ähli ýewropalylary 9-njy maý Ýewropa gününi gutlaýaryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar