Türk Resmi Wekiliýeti Liwiýa Bardy
Saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar
1633088
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan Liwiýanyň paýtagty Tripola bardy.
Saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sapar hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Doganlyk ýurt Liwiýa goldaw berýändigimizi görkezmek, strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek we özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin Tripola geldik” diýip belledi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Ankarada saparda boldy