"Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy
Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy bilen Türkiýeden bir derman kärhanasy, "Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi babatynda ylalaşyk gazandy
1628571
Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň mesele bilen bagly beren beýanatynda, "Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi üçin Türkiýedäki derman kärhanalarynyň biri bilen ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi.
Derman kärhanasynyň öňümizdäki aýlarda Türkiýedäki derman öndürýän fabriklerde sanjymy öndürmäge başlajakdygy mälim edildi.
"Sputnik V" sanjymy Russiýanyň Gamaleýa milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa instituty tarapyndan oýlanyp tapylypdy.
Şu ýylyň başlarynda The Lancet žurnaly, "Sputnik V" sanjymynyň täsirlilik derejesiniň 91,6 göterimdigini habar beripdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Ankarada saparda boldy