“ABŞ-na Degişli Jogaby Bereris”

"Beýannamany kabul etmeýäris we ýazgarýarys. Beýannama taryhy hakykatlara bap gelmeýär diýdi.

1628169
“ABŞ-na Degişli Jogaby Bereris”

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahym Kalyn, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosid” hökmünde häsiýetlendirmegine garşy Türkiýäniň degişli jogaby berjekdigini aýtdy.

Iňlis “Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren Kalyn “Jo Baýdeniň bu elhenç beýannamasy diýseň ýerliksiz we adalatsyz. Beýannamany kabul etmeýäris we ýazgarýarys. Beýannama taryhy hakykatlara bap gelmeýär diýdi.

Türkiýäniň ady agzalýan beýannama ýerli gelende degişli jogaby berjekdigini ýatladan Kalyn “Öňümizdäki günlerde ýada aýlarda ýeri gelende degişli jogaby bereris” diýdi.

Beýannamanyň syýasy taýdan hem jogapkärçiliksiz beýannamadygyny aýdan Kalyn “Syýasy nukdaý nazardan hem beýannamanyň hiç hili jogapkärçiligi ýok. Garabagyň 2020-njy ýylyň oktýabrynda halas edilmeginden soň Ermenistanyň bilen gatanaşyklaryň kadalaşdyrylmagy etaby bilen birlikde ne Türkiýä ne-de başga bir ýurda hiç hili goşandy ýok. Emma elbetde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara öz täsirini ýetirer” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Kalyn, 2005-nji ýylda Prezident Erdoganyň arhiwleriň açylmagyny we bilelikdäki komissiýasynyň döredilmegini teklip edendigini ýatlatdy.

Kalyn, Ermenistanyň bu çagyryşa öz garaýyşlaryny puja çykarjakdygy üçin jogap bermändigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar