Çawuşogly Türkiýe-Rumyniýa-Polşa üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar

Daşary işler ministrligi maslahat bilen bagly beýanat berdi

1625568
Çawuşogly Türkiýe-Rumyniýa-Polşa üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 22-23-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde geçiriljek Türkiýe-Rumyniýa-Polşa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşar.

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, 2016-njy ýyldan bäri dowamly häsýetde geçirilýän maslahata Mewlüt Çawuşoglynyň ýanyndaky wekiliýet bilen gatnaşjakdygy mälim edildi. 

Beýanatda, maslahatyň çäginde üç hyzmatdaşyň arasyndaky anyk hyzmatdaşlyk ugurlarynyň gözden geçirilmegi we hyzmatdaşlygyň has hem berkidilmegi bilen bagly mümkinçilikleriň ara alynyp maslahatlaşylmagynyň meýilleşdirilýändigi aýan edildi. 

Ukrainanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleriniň hem maslahatyň bölümleriniň birine gatnaşmagy meýilleşdirilýändigi bellenen beýanatda: "Şu ýylky maslahatyň NATO maslahatyndan ozalky günlere gabat gelmegi bilen hyzmatdaşlaryň maslahatdan we maslahatdan soňky döwürden garaşýanlarynyň ele alynmagy taýdan hem möhüm bir mümkinçilik bolar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar