Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Diýarbakyrda 5 raýaty we 1 žandarmany şehit eden narynç kategoriýadaky ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi

1622038
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun. Terrorçylardan hasaplar ýeke-ýeke soralýar, mundan soň hem soralar. Geçen ýyl Diýarbakyrda agaç kesmäge giden mahallary PKK tarapyndan öldürilen 5 raýatymyzy we gahryman žandarmamyz Mehmet Çeligi şehit eden 1-i sanawyň narynç kategoriýasynda ady bolan jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahrymanlarymyzyň elleri dert görmesin" diýip belledi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda bolsa, "Eren-2 Şehit Žandarma seržant Mehmet Çelik" atly operasiýanyň çäginde, Diýarbakyryň Lije etrabynyň Arykly etrapçasynda Diýarbakyr welaýatynyň Žandarma serkerdeliginiň ýolbaşçylyk etmeginde komandos we žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan operasiýa geçirilendigi mälim edildi. 

Operasiýanyň netijesinde 2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde Kulp etrabynyň Güleç etrapçasynda asuda ilatdan 5 adamy öldüren, 2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda bolsa şol sebitde geçirilen Ýyldyrym-7 operasiýasynda bolsa Žandarma güýçlerinden seržant Mehmet Çeliki şehit eden 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň gözlenýänleriň sanawynda narynç kategoriýada ady bolan, "Dara Zagros" adyny ulanýan Abdulsyttar Özerdigi anyklanandygy habar berilen beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň bolsa dowam edýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar