Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär
Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 33 müň 939 adama ýetdi
1619112
Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 237 boldy.
Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 33 müň 939 adama ýetdi.
Soňky 24 sagadyň dowamynda 294 müň 274 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 548 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.
Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 50 müň 678 adama ýetdi.
Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 30 müň 194 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 331 müň 411 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Altun,TRT-niň Ispan dilindäki digital habar platformasynyň tanyşdyrlyş çäresine gatnaşdy