Türkiýäniň Daşary işler ministri grek kärdeşi bilen duşuşar

Gresiýanyň bosgunlara garşy edýän eden-etdilikleri hem iki ministriň arasynda geçiriljek duşuşygyň barşynda güntertibe getirilmegine garaşylýar

1618993
Türkiýäniň Daşary işler ministri grek kärdeşi bilen duşuşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen 14-nji aprelde Ankarada duşuşyk geçirer. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurdyň arasyndaky ähli meseleler, ministrler derejesinde ele alynar, terrora garşy göreş, Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalar we Egeý deňizi meseleleri ara alynyp maslahatlaşylar. 

Gresiýanyň bosgunlara garşy edýän eden-etdilikleri hem iki ministriň arasynda geçiriljek duşuşygyň barşynda güntertibe getirilmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar