Adil Karaismailogly Türkiýäniň emeli hemra we älem giňişligi ýolagçylygy bilen bagly beýanat berdi

Adil Karaismailogly Türksat 6A-ny bolsa 2022-nji ýylda älem giňişligine uçurmagy meýilleşdirýändiklerini beýan etdi

1616501
Adil Karaismailogly Türkiýäniň emeli hemra we älem giňişligi ýolagçylygy bilen bagly beýanat berdi

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Türksat 5A-nyň maý aýynyň ilkinji hepdesinde 31-nji paralel gündogar orbitasyna ýetjekdigini habar berdi. 

Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Türksat 5A, 5B we 6A emeli hemralary bilen baglanşykly, Türksat anonim kärhanasynyň ýurdyň paýtagty Ankara şäheriniň Gölbaşy etrabyndaky merkezinde metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly: "Türksat 5B aragatnaşyk emeli hemramyzy hem şu ýylyň 4-nji çärýeginde älem giňişligine uçurarys" diýip mälim etdi. 

Adil Karaismailogly Türksat 6A-ny bolsa 2022-nji ýylda älem giňişligine uçurmagy meýilleşdirýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar