Din işleri edarasy Tarawa namazy we sanjym bilen bagly beýanat berdi

Ali Erbaş, Ankarada esasy temasy "Şypa aýy Remezan" bolan 2021-nji ýylyň Oraza aýy bilen bagly maslahata gatnaşdy

1615738
Din işleri edarasy Tarawa namazy we sanjym bilen bagly beýanat berdi

Din işleri edarasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaş, Oraza aýynda Tarawa namazyny metjitlerde dälde, öýlerde okamagyň laýyk boljakdygy barada karara gelendiklerini mälim etdi. 

Musulmanlar üçin mukaddes bolan üç tirkeşik aýlardan Oraz aýynyň ilkinji selärligi üçin 12-nji apreli 13-nji aprele birleşdirýän gije turular we agyz beklener, şol gün şeýle hem ilkinji agzaçar ýerine ýetiriler. 

Ali Erbaş, Ankarada esasy temasy "Şypa aýy Remezan" bolan 2021-nji ýylyň Oraza aýy bilen bagly maslahata gatnaşdy. 

Maslahatda Oraza aýy bilen baglanşykly kabul edilen kararlarynyň üstünde durup geçen Ali Erbaş: "Geçiren geňeşmelerimiziň netijesinde Tarawa namazlaryny metjitlerde dälde, öýlerde okamagyň laýyk boljakdygy barada karara geldik" diýip mälim etdi. 

Ali Erbaş: "Oraza aýynda koronawirus epidemiýasynyň görkezijilerine görä metjitlerimizde Tarawa namazyny okap bilmek mümkinçiligi bilen bagly karar çykan halatynda hem maglumaty milletimiz bilen paýlaşarys" diýip beýan etdi. 

Ali Erbaş: "Din işleri Ýokary geňeşimiziň beýan edişi ýaly agyz beklenen mahaly sanjym bolmakda hiç hili mesele ýokdyr we şol ýagdaý agyz beklemäni bozmaz" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar