PKK-a agza 3 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Içeri işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1612520
PKK-a agza 3 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Žandarma güýçleriniň we Içeri işler edarasynyň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzüminden gaçan 3 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň guramanyň düzümine 1991-nji we 2020-nji ýyllar aralygynda goşulandyklary, Yrakda we Siriýada iş alyp barandyklary anyklandy. 

Şeýlelik bilen edilen tagallalaryň netijesinde şu ýyl howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 39-a ýetdi. 


Etiketkalar: #boýun egmek , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar