Hataý welaýatynda bombaly hüjüm guramak isländigi şübhe edilýän 2 adam saklandy

Sebitde operasiýalar dowam edýär

1604073
Hataý welaýatynda bombaly hüjüm guramak isländigi şübhe edilýän 2 adam saklandy

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň "Täze ýylyň başyndan bäri PKK-nyň 26 aýry terrorçylykly aksiýasynyň öňüni aldyk. Hatda şolaryň birini şu gün irden öňüni aldyk" diýip aýdan beýanatynyň jikme-jikligi orta çykdy. 

Içeri işler edarasynyň baş müdürligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD/ÝPG-e agza terrorçylaryň ýurda bikanun ýagdaýda girip, Hataý welaýatynyň Kyrykhan etrabyndaky öýleriň birinde gizlenýändikleri anyklandy.

Şu gün irden geçirilen operasiýada howpsuzlyk güýçleri bilen terror guramasyna agza terrorçylaryň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda Siriýanyň raýaty bolan 1 terrorçy ýaraly ýagdaýda, ýene-de biri bolsa sag ýagdaýda saklandy.

Şübhe astyndaky terrorçylaryň ýurdyň uly şäherlerinde terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýändikleri anyklandy. 

Sebitde operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar