Türkiýe Russiýa bilen 100 ýyl ozal baglaşylan Moskwa ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi
Türkiýe Russiýa bilen edilýän hyzmatdaşlygyň sebite goşant goşmaga dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, TBMM-nyň hökümeti bilen RSFSR-yň arasynda 1921-nji ýylyň 16-njy martynda baglaşylan "Dostlyk we doganlyk ylalaşygynyň" 100-nji ýyly mynasybetli ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda taryha Moskwa ylalaşygy diýip ýazylan ylalaşygyň, türk-rus gatnaşyklarynda möhüm rol eýeleýändigine ünsleri çekip, iki ýurdyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan 1 ýyl soň baglaşylan bu ylalaşygyň şol döwrüň şertlerine laýylykdaky syýasy ähmiýedi bilen birlikde, şu günki güne çenli güýjüni goraýan kanuny netijelere iterendigi habar berildi.
Moskwa ylalaşygynyň TBMM-nyň hökümeti bilen RSFSR-yň arasynda ilkinji ylalaşyk aýratynlygyna eýedigi bellenen beýanatda, ýaş Respublikanyň gündogar serhetlerini kesgitlemek bilen birlikde, RSFSR bilen I Jahan urşundan soňky döwürde ýola goýulan raýdaşlyga we hyzmatdaşlyga iterendigi aýan edildi.
Beýanatda: "Türkiýe we Russiýa Federasiýasy häzirki günde hem ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede dialogyny we hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlyk düşünjesiniň öňümizdäki döwürde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz bilen birlikde, sebitleýin parahatçylyga, durnuklylyga we asudalyga goşant goşmaga dowam etjekdigine ynanýarys" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
Prezident Erdogan, Türköýünde Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramany kabul etdi