Türkiýe Mýanmada aşa güýç ulanylmagyny ýazgardy

Türkiýe Mýanmadaky huntaçy hökümediň parahatçylykly demonstrasiýalar geçirýän öz halkyna garşy aşa güýç ulanmaga dowam etmegini berk ýagdaýda ýazgardy

1601896
Türkiýe Mýanmada aşa güýç ulanylmagyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Mýanmanyň Ýangon şäherinde düýn başdan geçirilen wakalarda şu günki güne çenli bellige alynan iň köp adam ýitgisiniň hasaba alynmagyna gynanç we alada bildirilýändigi aýan edildi.

"Mýanmadaky huntaçy hökümediň parahatçylykly demonstrasiýalar geçirýän öz halkyna garşy halkara jemgyýetiň ähli çagyryşlaryna garamazdan aşa güýç ulanmaga dowam etmegini berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip bellenen beýanatda, huntaçy hökümede, aşa güýç ulanylmagyny bes etmegi we demokratiýa gaýdyp geliş ädimleriniň iň tiz wagtda edilmegi barada çagyryşyň berilýändigi bellendi. 



Degişli Habarlar