Türkiýe Nigeriýada guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi waka bilen bagly beýanat berdi

1601167
Türkiýe Nigeriýada guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Nigeriýanyň Borno ştatynyň Gudumbali sebitinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, 12-nji martda harby ulag kerweniniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümde 19 esgeriň ýogalandygy we 13 adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Nigeriýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar