Türkiýe Kosowanyň Iýerusalimde ilçihana açmagyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Kosowanyň Iýerusalimde ilçihana açjakdygy baradaky habary çuňňur alada bilen aldyk we hereketi iň berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip belledi

1601100
Türkiýe Kosowanyň Iýerusalimde ilçihana açmagyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen ýazmaça beýanatda: "Garaşsyzlyk almak ugrunda uly kynçylyklary başyndan geçiren bir halkyň lideri, eýýäm onlarça ýyllap basyp alyşlyk astynda ýaşaýan we adam hukuklarynyň uly düzgün bozmalaryna sezewar galan Palestinanyň halkynyň ýagdaýyny äsgermezçilik etdi" diýip bellendi.

Beýanatda bu kararyň örän ýerliksiz bolandygy nygtalyp: "Kosowaly liderler bular ýaly göçüm edip, Iýerusalimiň statusy babatynda, BMG-nyň degişli kararlary bilen birlikde parahatçylyk etabyndaky ýerleşik parametrlere ters hereket etdi, iki döwletli çözgüt meýilnamalaryna we sebitdäki parahatçylyk bilen bagly umytlara zyýan ýetirdi. Kosowaly liderlere, sagdyn pikirlilik hereket etmekleri we bu jogapkärçiliksiz we bikanun ädimden ýüz öwürmekleri barada çagyryş berýäris" diýip nygtaldy. 

Kosowanyň Daşary işler we Diaspora ministrligi beren ýazmaça beýanatynda, Kosowanyň Iýerusalimdäki ilçihanasynyň açylandygyny we işläp başlandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar