Türkiýe Çehiýanyň Iýerusalimde diplomatik ofis açmagy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe Çehiýanyň Iýerusalimde diplomatik ofis açmagyna alada bildirýändigini habar berdi.

1600758
Türkiýe Çehiýanyň Iýerusalimde diplomatik ofis açmagy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ady agzalan ädimiň Palestina-Ysraýyl düşünişmezçiliginiň esasy parametrlerinden biri bolan Iýerusalimiň statusynyň üýtgedilmegine hyzmat etjek häsýetindedigi aýan edildi. 

Beýanatda halkara jemgyýetiň ähli agzalaryna, Iýerusalimiň taryhy we hukuk statusy bilen Palestina-Ysraýyl meselesiniň adalatly, köptaraplaýyn we hemişelik çözgüdi bilen bagly halkara parametrlere hormat goýmaga çagyryldy. 

Beýanatda: "Çehiýanyň Halkara statusy BMG-nyň karary bilen kepillik astyna alynan Iýeusalimde diplomatik ofis açmagyna alada bildirýäris" diýip bellendi. 

Çehiýa 11-nji martda Günbatar Iýerusalimde, Tel-Awiwdäki Ilçihanasyna degişli bir diplomatik wekilhana açypdy. 



Degişli Habarlar