Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 13 müň 378 adama ýetdi

1601041
Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 68 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 29 müň 489 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 132 müň 425 adam testden geçirilip, ýene-de 852 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 13 müň 378 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 15 müň 516 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 701 müň 76 adama ýetdi.



Degişli Habarlar