“Müsür Bilen Howpsyzlyk, Diplomatik we Ykdysady Taýdan Gatnaşyklarymyz Dowam Edýär”

Prezident Erdogan Müsüri bilen howpsyzlyk, diplomatik we ykdysady taýdan onsuz hem hyzmatdaşlyk tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy

1600186
“Müsür Bilen Howpsyzlyk, Diplomatik we Ykdysady Taýdan Gatnaşyklarymyz Dowam Edýär”

Prezident R.T.Erdogan Müsüri bilen howpsyzlyk, diplomatik we ykdysady taýdan onsuz hem hyzmatdaşlyk tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy

Erdogan Stambulda beren beýannamasynda Müsüriň we Türkiýäniň halklarynyň aýry bolmagynyň mümkin däldigini belläp: “Müsür bilen hyzmatdaşlyk tapgyrymyz dowam edýär. Biz Müsür bilen gatnaşyklarymyzyň hasam ösmegini arzuw edýäris. Şonuň üçin howpsyzlyk, diplomatik we syýasy gepleşikler netijeli bolandan soň, biz ony has ýokary derejedelere götereris” diýdi.

Prezident Erdogan koronawirus sanjymy meselesinde bolsa Hytaýdan ikinji tapgyryň gelmeginiň mümkindigini beýan etdi.

Erdogan: “Hytaýdan ikinji tapgyr sanjymyň gelmegi mümkin bolup biler. Ylalaşan halatymyzda ýene-de 50 million doza Hytaýdan alarys” diýdi.

“Beýleki tarapdan Germaniýa bilen sanjym şertnamamyz hem dowam edýär” diýen Erogan: “Russiýa bilen hem ylalaşygymyz bar. Russiýa bilen gol çekişilen ylalaşykda gepleşiklerimiz minisrtrlikleriň arasynda dowam edýär” diýdi.

Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Gresiýa bilen bilelikdäki türgenleşigi hakynda bolsa: “Bu meselede Saud Arabystanynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn pikir alyşarys. Beýle bolmaly däldi, bolmaly däl diýip pikir edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar