Daşary Işler Ministri Çawuşogly Katara Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Çawuşogly Dohada katarly kärdeşi bilen bir aýda ikinji gezek duşuşandygyna ünsi çekdi

1599498
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Katara Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katara guraýan iş saparyny dowam etdirýär.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Kataryň Daşary işler ministri we Wise-premýer Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Dohada katarly kärdeşi bilen bir aýda ikinji gezek duşuşandygyna ünsi çekdi.

Duşuşykda özara we sebitara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Çawuşogly “Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna goldaw berýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Katar bilen edýän hyzmatdaşlygynyň ähli taraplaýyn pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar