Erdogan Bilen Putin, Akkuýu Atom Elektrik Bekediniň 3-nji Blogynyň Gurluşygyna Badalga Berdiler

Prezident Erdogan: "Respublikamyzyň 100-nji ýylynda Türkiýäni atom energiýa bekedine eýe ýurtlaryň ligasyna goşarys" diýip belledi

1598782
Erdogan Bilen Putin, Akkuýu Atom Elektrik Bekediniň 3-nji Blogynyň Gurluşygyna Badalga Berdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Akkuýu atom elektrik bekediniň 3-nji energoblogynyň düýbüni tutmak dabarasyna göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. 

Prezident Erdogan: "Milli energetika infrastrukturamyza atom elektrik güýjüni goşmak baradaky kararymyz, energetika üpjünçiliginiň howpsuzlygy taýdan edilen strategik ädimdir" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Maksadymyz elektrik tok öndürýän mahalymyz hiç hili zyňyndysyz işleýän we daşky gurşawa hiç hili zyýany bolmadyk atom elektrik bekedini ýurdumyzyň energiýa sebetine goşmakdyr" diýip belledi. 

Türkiýäniň gurulan kuwwadynyň içindäki ýerli we gaýtadan işlenýän elektrik togunyň mukdarynyň 63,7 göterime ýetendigini aýdan Erdogan: "Gara deňizde tapylan 405 milliard kub metrlik tebigy gaz ätiýajymyz, garaşsyz energetika, güýçli Türkiýe tutanýerliligimiziň iň möhüm ädimleriniň biri boldy. Respublikamyzyň 100-nji ýylynda Türkiýäni atom energiýa bekedine eýe ýurtlaryň ligasyna goşarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Akkuýu atom elektrik bekediniň, iň döwrebap howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün edilendigini we Halkara Atom energiýasy agentliginiň standartlaryna üns berilýändigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan, Akkuýu atom elektrik bekediniň ýyllyk 35 milliard kilowatt/sagat elektrik tok öndürip, Türkiýäniň jemi elektrik tok ätiýajynyň 10 göterimini ýeke özüniň öndürjekdigini habar berdi. 

Erdogan, çykyşyndan mundan başgada Türkiýäniň saglygy goraýyş infrastruktura saýasynda ýola goýan päsgelçiliksiz we howpsyz syýahatçylyk düşünjesi bilen şu ýyl rus myhmanlary kabul etmäge taýardygyny mälim etdi. 

Putin hem eden çykyşynda: "Umumy taslamamyz bolan Akkuýu atom elektrik bekedinde täze bir tapgyr başlaýar. Taslmanyň durmuşa geçirilmegi, Türkiýäniň energetika howpsuzlygyna uly goşant goşar, ykdysadyýetini has hem güýçlendirer. Akkuýu atom elektrik bekedinde iň berk howpsuzlyk çäreleri görülýär, taslamanyň daşky gurşawa peýdaly bolmagy üçin elimizden gelenini edýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar