Mewlüt Çawuşogly ÝHHG-nyň Ukraina boýunça ýörite missiýasynyň türk wekiliýeti bilen maslahat geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Twitterden maslahat bilen bagly beýanat berdi

1593536
Mewlüt Çawuşogly ÝHHG-nyň Ukraina boýunça ýörite missiýasynyň türk wekiliýeti bilen maslahat geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ukraina boýunça ýörite gözegçilik missiýasynyň düzümindäki türk wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk maslahat geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda: "Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ukraina boýunça ýörite gözegçilik missiýasynyň düzümindäki türk wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk maslahat geçirdik. Üstünlik bilen ýerine ýetirýän işleri bilen hem dartgynlygyň azaldylmagyna goşant goşýarlar hem-de asudalygyň ýola goýulmagy üçin işler alyp barýarlar. Missiýany goldamaga dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar