Mugallymlar Üçin Sanjym Tapgyry Başlady
Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, koronawirus sanjymynyň birinji dozasyny etdirdi
1589675
![Mugallymlar Üçin Sanjym Tapgyry Başlady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/9624/3663/af72/6036044a56435.jpg?time=1722044475)
Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, Çorumda başlangyç klas mekdebinde koronawirus sanjymynyň birinji dozasyny etdirdi
Ministr Selçuk, 1-nji marta başlajak okuwlaryň öňüsyrasynda mugallymlar üçin sanjym tapgyrynyň fewral aýynyň soňky hepdesinde başlajakdygyny habar beripdi.
Mugallymlar üçin sanjym tapgyry şu gün Çorumda Arifegazili başlangyç klas mekdebinde başlady.
Ministr Ziýa Selçuk hem mugallymlar bilen birlikde birinji sanjymyny etdirdi.
Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, mugallymlaryň saglygy goraýyş merkezlerinde sanjymlaryny etdirip biljekdiklerini aýtdy.