Türkiýe, Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümi Ýazgardy
Nigeriýada guralan 1 okuwçynyň ýogalmagyna, 40-dan gowrak mugalymyň we okuwçynyň zamun alynmagyna sebäp bolan hüjüm ýazgaryldy
Türkiýe, Nigeriýada ýaragly topar tarapyndan ýatymlaýyn mekdepe guralan 1 okuwçynyň ýogalmagyna, 40-dan gowrak mugalymyň we okuwçynyň zamun alynmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Nigeriýanyň Niger welaýatynyň Kagara etrabynda ýerleşýän ýatymlaýyn litese ýaragly topar tarapyndan guralan 1 okuwçynyň ýogalmagyna, 40-dan gowrak mugalymyň we okuwçynyň zamun alynmagyna sebäp bolan hüjüme uly gynanç bildirýär” diýildi.
Nigeriýanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirlen beýannamada “Bigünä okuwçulara guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Zamun alynan okuwçylaryň we mugallymlaryň gyssagy halas edilmegini dileýäris” diýildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.