Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 86 boldy.

1585674
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 27 müň 738 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 117 müň  121 adam testden geçirilip, ýene-de 649 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 325 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 209 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 461 müň 214 adama ýetdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Prezident R.T.Erdogan: “Welayatlarymyzy ministrligimiziň kesgitlän tertibine göra 4 topara bölüp, mart aýynyň başynda tapgyrlaýyn kadalaşma etabyna geçeris” diýdi.

Erdogan: “ýene-de azajyk sabyr etsek, azajyk pidakärlik edip, bu bela-beteriň howpyndan halas bolarys” diýdi.



Degişli Habarlar