Gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Hataý welaýatynyň Amanoslar daglarynda ýene-de bir zarba salyndy

1576700
Gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Hataý welaýatyndaky Amanos daglarynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýärkä täsirsiz ýagdaýa getirilen 4 terrorçynyň 1-iniň gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän, Amanos daglary sebitinden jogapkär Ibrahim Şengüldigi anyklandy. 

Habary Içeri işler ministri Süleýman Soýlu özüniň Twitter hasabyndan berdi. 

Süleýman Soýlu: "Amanos daglarynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýärkä täsirsiz ýagdaýa getirilen 4 terrorçynyň 1-i Terror sanawynyň gyzyl kategoriýasy boýunça gözlenýän, Amanos daglary sebitinden jogapkär, Bedrettin-Bedirhan adyny ulanýan Ibrahim Şengüldigi anyklandy. Gahryman esgerlerimizi gutlaýarys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Amanos , #terrorçy , #Hataý , #PKK

Degişli Habarlar