Prezident Erdogan Kowid-19 döwründe berilen goldawlar barada beýanat berdi

Erdogan: "Saglygy goraýyşdan sosial goldawlara çenli ähli meselelerde raýatlarymyzyň peýdasyna boljak ädimler etdik. Bu göreşde potratçylarymyzyň, senagatçylarymyzyň, öndürijilerimiziň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýdi

1575920
Prezident Erdogan Kowid-19 döwründe berilen goldawlar barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, sosial media hasabyndan beren grafikaly beýanatynda, koronawirus epidemiýasy tapgyrynda berilen goldawlaryň üstünde durup geçdi. 

Beýanatynda: "Saglygy goraýyşdan sosial goldawlara çenli ähli meselelerde raýatlarymyzyň peýdasyna boljak ädimler etdik. Bu göreşde potratçylarymyzyň, senagatçylarymyzyň, öndürijilerimiziň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýip bellän Erdogan: "Epidemiýa garşy göreşde ählimiz birleşdik" diýip habar berdi. 

Grafikada epidemiýa tapgyrynda, sosial goldawyň çäginde ähli maşgalalara goşmaça nagt pul kömeginiň berilendigini, gysga iş wagtlaryň töleginiň giňeldilendigini, mugt rugsada çykarylanlar üçin nagt pul kömeginiň berilmäge başlanandygyny, epidemiýa şertlerine garamazdan 16 million syýahatçy sanyna ýetilendigini, käbir pudaklar üçin salgyt tölegleriniň we Sosial Howpsuzlyk guramasynyň tölegleriniň 6 aý yza süýşürilendigini ýatlatdy. 

Işewür adamlara goldaw we kärende goldawynyň çäginde 5 miliard liradan ýokary nagt pul kömeginiň, sosial gorag galkanynyň çäginde biri-birinden tapawutly gatlaklara 49 milliard lira grant berilendigi görkezilen grafikada, eksportçylarada 2,4 milliard lira pul kömeginiň berilendigi beýan edildi. 

Grafikada mundan başgada Goşulan baha üçin salgyt derejesiniň käbir pudaklarda 1 göterime, käbirlerinde bolsa 8 göterime çenli aşakladylandygyny, salgyt bergilerine konfigurasiýa edilmegine mümkinçilik berilendigini, 2020-nji ýylda 50 göterim we ondan ýokary ýitgi çeken iş ýerlerine ýitgileriniň 3 göterimine çenli grant tölegleriniň berilendigini we hormatly dynç alyşa çykan takmynan 650 müň adamyň pensiýalarynyň 1500 lira ýetirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar