Milli Howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ilkinji maslahaty 28-nji ýanwarda geçiriler

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde 28-nji ýanwrada penşenbe güni geçiriler

1571363
Milli Howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ilkinji maslahaty 28-nji ýanwarda geçiriler

Şu ýylyň ilkinji maslahatynda, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaýlar, Türkiýäniň goşunynyň Azerbaýjanda, Liwiýada we Siriýada alyp barýan işleri bilen terrora garşy göreş ýaly meseleler başda bolmak bilen strategik ähmiýetli ugurlaryň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizlerindäki meseleleri ele almak maksady bilen ýaňadandan başladylan deslapky gepleşikleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirjekdigi göz öňünde tutulýar. 

Şol çäkde Türkiýäniň we DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizindäki bähbitleriniň çäginde ediljek ädimleriň maslahatda ele alynjak ugurlaryň biri boljakdygy çak edilýär. 

Siriýa temasy bilen birlikde türk harbylarynyň Azerbaýjanda we Liwiýada geçirýän işleri we Türkiýäniň günortasynda terrorçylara garşy alynyp barylýan göreşiň hem maslahatda maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 

Maslahatda PKK/KJK-PÝD/ÝPG we DAIŞ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýalar bilen beýleki sebitleýin we milli howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň hem maslahatlaşyljak ugurlaryň arasynda bolmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar