Mewlüt Çawuşogly Brýusselde saparda bolar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 20-22-nji ýanwar aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde saparda bolar

1566845
Mewlüt Çawuşogly Brýusselde saparda bolar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we Ýewropa Parlamendiniň käbir agzalary bilen duşuşyk geçirmek üçin Belgiýa sapar gurar.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz, Belgiýanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri, Ýewropa işleri ministri, Daşary söwda we Federal medeniýetler guramasy ministri Sofi Uilmes we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşar. Saparyň çäginde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ähli ugurlary we agzalyk etabymyz bilen sebitleýin we halkara derejedäki gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşylar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar